Turkmen Awtoban https://turkmenawtoban.com/tm/news/ en Sun, 23 Feb 2025 23:12:40 +0300 Sun, 23 Feb 2025 23:12:40 +0300 Aşgabat-Türkmenabat awtobany gurluşygyna badalga berildi office@turkmenawtoban.com (Press) https://turkmenawtoban.com/tm/news/agabat-trkmenabat-awtobany-gurluygyna-badalga-berildi/ Ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluny TSTB-niň agzalary telekeçilik düzümlerinden we beýleki kömekçi potratçy guramalardan ybarat «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gurar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, strategiýa taýdan möhüm ýokary tizlikli ýol 2019-njy ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň dekabry aralygynda üç tapgyrda: Aşgabat – Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabryna, Tejen – Mary aralygy – 2022-nji ýylyň dekabryna, Mary – Türkmenabat bölegi – 2023-nji ýylyň dekabryna gurlar.

Baş potratçy ABŞ-nyň 2,3 milliard dollary möçberindäki döwlet karzyny özleşdirer. Ýakyn wagtda «Türkmen Awtoban» ÝGPJ awtomagistralyň gurluşygyna girişer. Munuň üçin ýoluň ilkinji örtügi düşeljek Aşgabat – Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrine ýol-gurluşyk tehnikalary we enjamlary jemlenildi.

Gurluşyk holdinginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, taslamada Aşgabady uly senagat we üstaşyr geçelge mümkinçiligi bolan sebitiň – Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheri bilen birleşdirjek ýokary tizlikli ýoluň has oňaýly ugry göz öňünde tutulan.

Geljekki ýoluň ilkinji onlarça kilometrlerinde geologik we topografik barlaglar geçirildi. «Türkmen Awtoban» ÝGPJ-niň potratçylary alymlar, taslamaçylar, Türkmenistanyň pudaklaýyn institutlarynyň we döwlet kärhanalarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda inženerçilik desgalaryň ýerleşýan ýerleriniň umumy çyzgysyny we ýoluň tehniki aýratynlyklaryny işläp taýýarladylar.

Ýoluň ugrunda utgaşdyrylan töleg terminallary, ululy-kiçili köprüleriň onlarçasy, şol sanda demir ýollardan, beýleki ýollaryň kesişýän ýerlerinden geçýän, sil akymy ugurlarynyň, Murgap we Garagum derýalarynyň üstünden köprüler gurlar. Tizligi ýokarlandyrmak ýada peseltmek üçin sürüjiler ýörüte zolaklara geçerler. Mundan başga-da, awtobanyň ugrunda ýokary tizlikli ýoly ilatly ýerler bilen birleşdirýän turba görnüşli ýolaýrytlary gurmak göz öňünde tutulýar.

Ýoluň ugrunda ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda wideogözegçilik ulgamlary we beýleki ýörüte enjamlar bilen üpjün edilen tehniki merkezleriniň birnäçesi, ýol gözegçilik gullugynyň nokatlary, awtoulaglara tehniki hyzmat nokatlary, hyzmatlar gulluklary bolar. Ýoluň iki tarapynda bellenilen ýerlerde dükanlar, myhmanhanalar we kafeler, ýapyk we açyk awtoduralgalar, ýangyç guýýan beketler, beýleki degişli binalar ýerleşer. Ýoluň ugrunda heläkçilikli ýasgdaýlar üçin aragatnaşyk nokatlary oturdylar, şeýle hem sürüjiler şol wagtyň özünde howanyň ýagdaýy barada maglumat alyp bilerler. Telekeçilik ýüklerini daşaýan ulaglara gözegçilik gözegçilik ulgamlary ( belenltigi ölçeýän ýörüte enjamlar, ulaglaryň okuna düşýän agramy awtomatik usulda ölçeýän we ş.m. enjamlar) işlediler.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen türkmen hünärmenleri bu ulgamdaky öňdebaryjy dünýä usullaryny öwrenýarlar. Ýol-ulag hadysalaryny we olaryň agyr netijelerini azaltmaga niýetlenen Vision Zero programmasy şolaryň biridir.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoly logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr-ulag düzümlerini giňeltmäge we daşary söwda dolanşygyny artdyrmaga ýardam eder.

Türkmenistan - Altyn Asyr

]]>
Sat, 06 Apr 2019 11:01:00 +0300 https://turkmenawtoban.com/tm/news/agabat-trkmenabat-awtobany-gurluygyna-badalga-berildi/
Işewür to­parlaryň önümçilik kuwwaty artýar office@turkmenawtoban.com (Press) https://turkmenawtoban.com/tm/news/isewur-toparlary-onumcilik-kuwwaty-artyar/ Şähryslamda gazuw-agtaryş işlerini dikeltmek üçin öz halypalarynyň iň gowy däplerini dowam edýän tejribeli türkmen arheologlaryndan ybarat täze topar döredildi. Hut şolaryň tapyndylary giň gerimli sergide görkezilip, taryhy yzygiderliligi alamatlandyrdy hem-de işewürligiň ylym bilen özara baglylykda Watanymyzyň köp asyrlyk taryhyny düýpli  öwrenmäge ýardam edýändigini tassyklady.

Sergä gelenler «Gül zaman» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän «Talhan» atly täze bişirilen çörekden dadyp gördüler. Ýurdumyzyň telekeçileri myhmansöýerligiň asylly däplerine laýyklykda, myhmanlary duz-çörek bilen garşyladylar.

Şu ýyl sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hemde hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen hususy kompaniýalaryň 188-si öz diwarlyklaryny görkezýärler.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň diwarlygy sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Ol hyzmatlaryň täze görnüşi — QRkodlar arkaly kömegi bilen tölegler bilen tanyşdyrýar. Aziýa ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe bolan amallaryň bu görnüşi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam eder. Oňa geçilmegini hormatly rezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna ýurdumyzyň üstünlikli goşulyşmagy üçin zerur esasy wezipeleriň hataryna goşýar. 

«Türkmen tranzit» hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklary hem myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Olar ýurdumyzyň kärhanalary we dükanlary tarapyndan plastik kartlarynyň kömegi bilen bank amallaryny geçirmek mümkinçiligine eýe bolan POS — terminallaryň döwrebap görnüşlerini oturtmak boýunça mümkinçilikler bilen tanyşdyrdylar. 

Milli Liderimiziň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öň­de goýan wezipesi ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň kompaniýalary öz işine öň­debaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýarlar, bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň telekeçileri öz işine döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýarlar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde kerpiç, demir-beton gurluşlary, gidroörtüji serişdeleri, çagyl, izogam, penopolistirol, keramzit, dürli emulsiýalary, elektrokabel we şlanglary, aýmança daşlaryny, ýag hem-de howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary we beýlekileri öndürýän döwrebap zawodlar üstünlikli işleýär. 

Sergide ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini görkezen kärhanalaryň hatarynda «Maksatly ge­ňeş», «Çaly», «Ak bulut», «Daşly gala» we beýleki hususy şereketler bar. Soň­ky ýyllarda ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini özleşdirdiler. Şolaryň hatarynda ýerli çig maldan öndürilýän hemde daşary ýurtlardan getirilýän görnüşiniň ornuny tutýan aýna mozaikasyny görkezmek bolar, olary türkmen şäherleriniň binalaryny bezemekde ulanýarlar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça türkmen önüm öndürijileriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçileri gön önümlerini çykarmagy ýola goýdular. Olar üçin çig mal ýerli maldarçylyk toplumlaryndan gelip gowuşýar. Netijede, önümleriň täze görnüşini, şol sanda döwrebap ýokary hilli aýakgaplary öndürmek mümkinçiligi peýda boldy, olar eýýäm içerki bazarda daşary ýurt görnüşleri bilen üstünlikli bäsleşýär, geljekde bolsa eksporta ugradylar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän — «Röwşen», «Sada dostluk» şereketleriniň erkek adamlar üçin aýakgaplary hem-de «Inçe hyzmat» şereketiniň zenanlar üçin aýakgaplary munuň aýdyň mysalydyr.

Sergi bu ýere gelenleri söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek babatda hem telekeçileriň üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Häzir olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, françaýzing ýörelgesi boýunça söwda işlerini guraýarlar. TSTB-niň agzalarynyň paýtagtymyzda guran «Berkarar», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Aşgabadyň ýalkymy» iri söwda merkezlerindäki marketler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aýry-aýry diwarlyklar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň TSTB-niň agzalaryna ynanan iri taslamalaryna bagyşlandy. Giň gerimli sergide «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti wekilçilik edip, ol hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň hem-de onuň desgalarynyň taslamasyny we gurluşygyny amala aşyrýar.

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurulmagy ýurdumyzyň ýollarynyň geçirijilik ukybyny, logistika hyzmatlarynyň hilini we dessinligini artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goň­şy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny gi­ňeltmäge mümkinçilik berer.

Awtoban Türkmenistanyň çäginden geçýän ýük daşamalaryny çaltlandyrmaga we artdyrmaga mümkinçilik döreder. Şunuň bilen baglylykda, goň­şy Özbegistan bilen ulag gatnaşygy babatda uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen awtobanyň kesişmegi Hazarda Halkara de­ňiz portuna — de­ňiz arkaly halkara, Ýewropa tarapa, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna ýük akymlaryny gösgöni çykarar.

Sergide diwarlyklaryň ýenede biri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky akwaparka bagyşlandy. Onuň gurluşygynyň TSTB-niň agzalaryna ynanylmagy halkara derejeli häzirki zaman de­ňiz şypahanasyny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, bu juwan şypahanany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna bermek kararyna gelindi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, işewürligiň hut çeýeligi we ykjamlylygy, onuň bazar ýagdaýyny inçeden duýmagy, tiz özleşdirijilik, gujur-gaýrat hem-de başlangyç öňe tarap batly gitmek üçin häzir üýtgäp durýan ykdysady ýagdaýlarda zerurdyr. Munuň üçin döwlet tarapyndan ähli zerur bolan çäreler görlüp, milli Liderimiziň goldaw bermegi bilen, şonuň ýaly meýilnamalara we başlangyçlara giň ýol açylýar.

TSTB-niň döredilen ilkinji ýylynda bu birleşme agzalaryň 500-sini birleşdirip, olaryň güýji bilen milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işler ýola goýlup başlandy. Häzir bu birleşme öz hatarlarynda telekeçileriň 22 müň­den gowragyny birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekeçiligi ösdürmäge berýän goldawy netijesinde, senagat önümleriniň möçberi 20,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 21,7 göterim köpeldi. Hususy kärhanalaryň 2018-nji ýylda daşary ýurtlara eksport eden azyk harytlarynyň umumy möçberi, 2017-nji ýyla garanyň­da, 63,8 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň mukdary 57,1 göterim artdy.

Şeýlelikde, TSTB-niň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek bilen, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, oba hojalyk pudaklaryny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Munuň şeýledigini içerki bazary towuk eti, ýumurtga we towuk önümleri bilen üpjün edýän «Guş toplumy», «Hoş zaman», «Nurly meýdan», «Altyn jüýje» hem-de beýlekiler sergide görkezdiler.

Geçen ýyl Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerli «Sähra gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bir ýylda ýumurtganyň 5 million sanyny hem-de towuk etiniň 500 tonnasyny öndürmäge ukyply guşçulyk toplumy guruldy. Onuň işini üpjün etmek üçin telekeçilere 100 gektar ýer uzakmöhletleýin ulanylmaga berildi.

Sergide iri önüm öndürijileriň — «Bereketli», «Altyn hilal», «Ajaýyp ussat halal önümleri» ýaly hususy kärhanalaryň süýt, şöhlat we et önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Işewürlik ýurdumyzda ýokary hilli sygyr etini öndürýän kuwwatly maldarçylyk toplumlaryny döretmek boýunça anyk ädimleri ädýär.

Türkmenistan gazeti

]]>
Mon, 18 Mar 2019 10:42:00 +0300 https://turkmenawtoban.com/tm/news/isewur-toparlary-onumcilik-kuwwaty-artyar/
Ýokary tizlikli Aşgabat - Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi office@turkmenawtoban.com (Press) https://turkmenawtoban.com/tm/news/okary-tizlikli-agabat---trkmenabat-awtomobil-oluny-gurluygyna-badalga-berildi/ Şu gün ýokary tizlikli Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 11-nji ýanwarda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmegi hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň birinji aýynda kabul eden bu çözgüdi ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornuny artdyrmagyň, onuň sebit we halkara multimodal aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmegiň hasabyna Türkmenistanyň geoykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.

Resminamada işlere 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we awtoulag ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyryň dowamynda ulanmaga bermek bellenildi. Işleriň şol tapgyrlarynyň soňkusy 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti we döwletara gatnaşyklary üçin ähmiýetini nygtap, durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümini kemala getirmekde türkmen telekeçileriniň işjeň ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändigini belledi. Biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Biz geljekde hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu goldaw köpugurly bazar ykdysadyýetini döretmäge hem-de ilatyň durmuş derejesini, onuň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, bu bolsa, biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz «Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakyndaky» Karara gol çekip, munuň ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmekde taryhy wakadygyny aýtdy. Häzirki döwürde bolsa telekeçilik hünär ösüşiniň we durmuş jogapkärçiliginiň täze derejesine çykýar.

Şu gün Aşgabadyň golaýynda awtobanyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen dabarada bu taryhy wakanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Baýramçylyk dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dürli kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedow, hormatly ýaşulular gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Olar döwletimiziň okgunly ösüşe eýe bolan hususy ulgama uly ynam bildirýändigini we ony ýakyndan goldaýandygyny aýratyn bellediler.

Telekeçilik diňe bir ykdysady wezipeleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlary bilen berk baglanyşyklydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar hem-de innowasion işleri ilerlediji hökmünde türkmen işewürligine ýurdumyzyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň milli nusgasynda esasy ornuň degişlidigini belleýär.

Dabaranyň çäklerinde halk amaly-haşam sungatynyň eserleriniň köpöwüşginli sergisi, bagşylaryň, estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. Bularyň ählisi baýramçylyk dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýyp, ýygnananlarda ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ilkinji böleginiň gurluşygynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan geljekki awtobanyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýere ýygnananlara wideoşekiller görkezildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanda ýene-de bir giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek işi badalga aldy. Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtobanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary bermek bilen, ýollary çekmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalaryny ulanmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady. Milli Liderimiziň tabşyryklary hususy gurluşyk kompaniýalary, taslamany düzüjiler hem-de inženerler üçin ýolgörkeziji boldy. Işleriň ýokary hilli hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün etmek olar üçin esasy talap bolup durýar.

Awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar. Bu ýerde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy ýerleşer.

Awtobanyň ugrunda derýanyň üstünden geçýän köprüleriň 4-si, demir ýoluň üstünden geçýän köprüleriň hem 4-si, beýleki awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň 22-si gurlar. Mundan başga-da, jandarlar üçin ýörite geçelge ýoly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeleriň 76-sy, suw akabalary, zeýkeşleriň üstünden geçýän köprüler we beýleki desgalar gurlar.

Ýokary tizlikli ýola tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirildi. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberiler we ýatda saklanar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň yzgarlygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler.

Awtobanyň ugrunda ýörite telefon ulgamy ýerleşdirilip, olar ýol gözegçilik gullugynyň esasy merkezindäki dolandyryş otagy bilen bagly bolar. Ulgam arkaly ýolagçylara zerur bolan gyssagly hyzmatlar ediler we kömek berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýoluň Aşgabat — Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, Tejen — Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda we Mary —Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrarlar.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamany durmuşa geçirmäge döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürligi kemala getirmäge, onuň ösmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň ýokary hünär ussatlygyna, iş başarjaňlygyna hem-de uly mümkinçiliklerine esaslanyp, olara jogapkärli tabşyryklary ynanýar.

Milli Liderimiziň ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat ýolunyň gurluşygyny telekeçilere tabşyrmak baradaky meýlini ilkinji gezek ýurdumyzyň telekeçileri bilen 2018-nji ýylyň martynda beýan edendigini ýatlatmalydyrys. Şonda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2024-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnama ýurdumyzyň işewürliginiň ösüşini höweslendirmegiň nobatdaky çäresi boldy.

Şonda milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ak mermerli paýtagtymyzda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de mähriban Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde desgalary gurmaga saldamly goşant goşýandygyny aýdyp, ulanmaga berlen ýüzlerçe durmuş maksatly desgalaryň ýokary hilini belledi. Şolaryň hatarynda kitaphanalar we myhmanhanalar, söwda-dynç alyş merkezleri, täsin sport toplumlary hem-de halkara howa menzilleri we beýleki köp sanly desgalar bar.

Mundan başga-da, telekeçiler ykdysadyýetimiziň täze döredilen pudaklaryny ösdürmäge, şol sanda iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gazylyp alynýan peýdaly gymmatlyklary senagat taýdan gaýtadan işlemäge işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy haryt öndürijileriň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşýandygyny belleýär. Olar ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hem-de senagat harytlarynyň aglaba bölegini öndürip we olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyryp, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler.

Türkmen hususy gurluşyk kompaniýalary hem daşarky bazara çykmagy başardylar. Moldowa Respublikasynda çagalar bagynyň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda umumybilim berýän orta mekdebiň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Awstriýa Respublikasynda wekilhanalarynyň açylmagy Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Hytaýyň Sinin, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek, Gruziýanyň Tbilisi hem-de Owganystanyň Mazari-Şarif şäherlerinde türkmen önümlerini ilerledýän söwda öýleri we merkezleri hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion ykdysadyýeti ösdürmekde telekeçilere aýratyn orun berip, işewürleri ýerli çig maly ulanmak arkaly ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmäge çagyrýar.

Ýurdumyzyň işewürleriniň Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlary ýatagynda guruljak kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasy hem şeýle bolmalydyr. Deslapky hasaplamalara görä, bu kärhana ýylda kaliý magdanynyň 3,5 million tonnasyny hem-de hlorly kaliniň 700 müň tonnasyny öndürer. Döwletimiz bu taslama üçin hem ägirt uly serişdeleri goýberýär.

Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna berlendigini aýtmalydyrys. Hormatly Prezidentimiz ýakyn hem-de uly möhletli geljekde bu ädimiň netijeli boljakdygyna bil baglaýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, hut işewürligiň çeýeligi we ykjamlygy, onuň bazaryň ýagdaýyny oňat bilmegi, çalt öwrenmegi, tutanýerliligi hem-de başlangyçlar bilen çykyş etmegi, özboluşlylygy, ahyrky netijede, okgunly öňe gitmek hem-de gülläp ösüş gazanmak üçin üýtgäp durýan ykdysady ýagdaýlarda zerur bolan häsiýetlerdir. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur çäreler görüldi, milli Liderimiziň ýakyndan goldaw bermegi bilen iň batyrgaý meýilnamalara we başlangyçlara giň ýol açylýar.

Türkmen telekeçileri döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, önümçiligiň hem-de marketingiň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýärler. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gatnaşmagynda ştrihli kodlaşdyrmak boýunça Milli gurama döredildi. Türkmenistanda öndürilen ştrih-kod önümleri dünýä bazarlarynda işjeň hereket edýär. Türkmen işewürliginiň maddy-enjamlaýyn binýady, hususy önüm öndürijiler ulgamynyň düzümi hem berkidilýär. Bu ulgam daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Şu ýyl Aşgabatda türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan iri edara-işewürlik hem-de söwda toplumynyň 100-e golaý binasy ulanmaga berildi. Bu toplumyň açylyşyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şu ýyl, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň işewürliginiň has-da ösjekdigi, onuň täze üstünlikleri gazanjakdygy we belent sepgitlere ýetjekdigi şübhesizdir. Şu gün badalga berlen ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem munuň girewi bolup biler.

Bu awtomobil ýoly Türkmenistandaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köp şahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, Türkmenistanda täze, ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar. Ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini höweslendirmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer.

Bu ýol ýurdumyzyň üstaşyr-logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Bu teklipleriň derwaýyslygy hem-de zerurlygy äşgärdir, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.

Ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoluny, Amyderýanyň üstünden gurlan döwrebap demir ýol we awtomobil köprülerini, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoluny, Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portuny nazara alanyňda, ýurdumyzyň üstaşyr gatnawlar ulgamyndaky kuwwaty haýran galdyrýar.

Mundan başga-da, biziň hünärmenlerimiz tarapyndan Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýoly guruldy. Onuň işe girizilmegi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystany Türkmenistanyň ulag ulgamyna we onuň üsti bilen halkara gatnaw ýollarynyň ulgamyna birikdirmek babatdaky pikiri iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Geçen ýylyň ahyrynda Lazurit geçelgesi boýunça hereket ýola goýuldy. Ilkinji synag awtoulag kerweni Owganystanyň Hyrat şäherinden Serhetabada geldi, şol ýerden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna ugrady. Soňra onuň ýoly Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana — Bakuwyň halkara deňiz söwda portuna we şol ýerden Türkiýä dowam etdirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlarda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler bar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi hem Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde garamak, Türkmenistana bolsa gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde garamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolar.

Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Agentligi

]]>
Thu, 24 Jan 2019 09:41:00 +0300 https://turkmenawtoban.com/tm/news/okary-tizlikli-agabat---trkmenabat-awtomobil-oluny-gurluygyna-badalga-berildi/
Üstünlikli işewürlik - döwletiň rowaçlygynyň girewi office@turkmenawtoban.com (Press) https://turkmenawtoban.com/tm/news/stnlikli-iewrlik---dwleti-rowalygyny-girewi/ «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» — 2019-njy ýylyň bu şygary esasy wakalaryň özeni boldy. Ýurdumyzyň durmuşyndaky nobatdaky tapgyr şol wakalardan badalga aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde işewürleriň esasy orny eýeleýändigine oňat düşünip, döwlete dahylsyz ulgamy goldamagyň deňsiz-taýsyz ýeňillikli çäreleriň başyny başlap, onuň kuwwatynyň artmagyny hem-de iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny höweslendirýär.

Ine, ýene-de bir aýdyň mysal: türkmen telekeçileri bahasy ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryna barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurar.

Döwlet Baştutanymyz hökümetiň mejlisinde degişli çözgüdi kabul etdi. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan 2023-nji ýylyň dekabr aýyna çenli döwleti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik taýdan wajyp bolan ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurar. Bu ýol Aşgabady Özbegistan bilen serhediň golaýynda ýerleşýän, ýurdumyzyň okgunly ösýän welaýatlarynyň biriniň merkezi bolan Türkmenabat şäheri bilen baglanyşdyrar. Häzirki güne çenli munuň özi türkmen işewürleriniň iň iri we gymmatly taslamasydyr.

Mundan on ýyl ozal tehnologik babatda şeýle çylşyrymly taslamany abraýly hem-de bu ulgamda uly tejribesi bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlara ynanardylar. Ýöne, täze, bazar şertlerinde işlemegiň kadalaryny çalt özleşdiren türkmen telekeçiligine mynasyp baha bermek gerek. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şeýle, tutanýerli we yhlasly zähmet çekmäge çagyrýar.

Soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzyň kompaniýalaryna giň gerimli taslamalary ynanmak bilen baglanyşykly möhüm ähmiýetli işler amala aşyryldy. Biziň telekeçilerimiz şol döwürde daşary bazara çykmagy hem başardylar.

Geçen döwürde türkmen kompaniýalary Türkmenistanyň sebitlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyndan başlap, paýtagtymyzda iri ýaşaýyş toplumlaryny, tutuş ýurdumyz boýunça düzümleýin desgalary hem-de senagat kärhanalaryny gurmaga çenli uly ýoly geçdiler.

Häzir türkmen gurluşyk kompaniýalary giň gerimli desgalary, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kaşaň myhmanhanalary hem-de sagaldyş merkezlerini, azyk pudagynyň kärhanalaryny gurmaga, oba hojalyk we senagat pudaklarynda täze kuwwatlyklary işe girizmäge gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň işewürleri dünýäniň gözel şäherleriniň biriniň abraýyna eýe bolan ak mermerli Aşgabady gurmakda ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Paýtagtymyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýan ajaýyp binalar, esasan, türkmen hünärmenleri — binagärleri, taslamaçylary, inženerleri, işçileri tarapyndan guruldy.

Indi biziň buýrujylarymyzda çylşyrymly düzüm taslamalary işlenip taýýarlananda, daşary ýurtlardan potratçy gözlemek zerurlygy ýok. Türkmen kompaniýalaryna 2,3 milliard dollary möçberde serişde berip, Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagy ynanmak barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi munuň subutnamasy bolup durýar.

Bu serişde köp ýurtlaryň dünýä möçberinde çökgünligi başdan geçirmegini nazara alanyňda uludyr. Hormatly Prezidentimiz dogry strategiýany gurmak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklamagy başardy. Milli Liderimiz durnukly ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe gitmegini dowam edip, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyryp, meýilleşdirilen ähli durmuş we senagat maksatly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar.

Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagyň taslamasy şolaryň biri bolup durýar. Häzir bu ýol ýurdumyzyň üstaşyr-logistika ulgamyny, ykdysady toplumyny, işewürligini hem-de Türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipeleri bilen şertlendirilendir.

Hökümetiň mejlisinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda” Karara gol çekmek bilen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu wakanyň ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmekde taryhy pursat bolup, ol hünär ösüşiniň we durmuş jogapkärçiliginiň täze derejesine çykýar diýip bellemegi tötänden däldir.

Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Agentligi

]]>
Fri, 11 Jan 2019 10:08:00 +0300 https://turkmenawtoban.com/tm/news/stnlikli-iewrlik---dwleti-rowalygyny-girewi/