Işewür to­parlaryň önümçilik kuwwaty artýar

March 18, 2019

Şähryslamda gazuw-agtaryş işlerini dikeltmek üçin öz halypalarynyň iň gowy däplerini dowam edýän tejribeli türkmen arheologlaryndan ybarat täze topar döredildi. Hut şolaryň tapyndylary giň gerimli sergide görkezilip, taryhy yzygiderliligi alamatlandyrdy hem-de işewürligiň ylym bilen özara baglylykda Watanymyzyň köp asyrlyk taryhyny düýpli  öwrenmäge ýardam edýändigini tassyklady.

Sergä gelenler «Gül zaman» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän «Talhan» atly täze bişirilen çörekden dadyp gördüler. Ýurdumyzyň telekeçileri myhmansöýerligiň asylly däplerine laýyklykda, myhmanlary duz-çörek bilen garşyladylar.

Şu ýyl sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hemde hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen hususy kompaniýalaryň 188-si öz diwarlyklaryny görkezýärler.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň diwarlygy sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Ol hyzmatlaryň täze görnüşi — QRkodlar arkaly kömegi bilen tölegler bilen tanyşdyrýar. Aziýa ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe bolan amallaryň bu görnüşi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam eder. Oňa geçilmegini hormatly rezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna ýurdumyzyň üstünlikli goşulyşmagy üçin zerur esasy wezipeleriň hataryna goşýar. 

«Türkmen tranzit» hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklary hem myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Olar ýurdumyzyň kärhanalary we dükanlary tarapyndan plastik kartlarynyň kömegi bilen bank amallaryny geçirmek mümkinçiligine eýe bolan POS — terminallaryň döwrebap görnüşlerini oturtmak boýunça mümkinçilikler bilen tanyşdyrdylar. 

Milli Liderimiziň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öň­de goýan wezipesi ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň kompaniýalary öz işine öň­debaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýarlar, bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň telekeçileri öz işine döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýarlar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde kerpiç, demir-beton gurluşlary, gidroörtüji serişdeleri, çagyl, izogam, penopolistirol, keramzit, dürli emulsiýalary, elektrokabel we şlanglary, aýmança daşlaryny, ýag hem-de howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary we beýlekileri öndürýän döwrebap zawodlar üstünlikli işleýär. 

Sergide ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini görkezen kärhanalaryň hatarynda «Maksatly ge­ňeş», «Çaly», «Ak bulut», «Daşly gala» we beýleki hususy şereketler bar. Soň­ky ýyllarda ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini özleşdirdiler. Şolaryň hatarynda ýerli çig maldan öndürilýän hemde daşary ýurtlardan getirilýän görnüşiniň ornuny tutýan aýna mozaikasyny görkezmek bolar, olary türkmen şäherleriniň binalaryny bezemekde ulanýarlar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça türkmen önüm öndürijileriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçileri gön önümlerini çykarmagy ýola goýdular. Olar üçin çig mal ýerli maldarçylyk toplumlaryndan gelip gowuşýar. Netijede, önümleriň täze görnüşini, şol sanda döwrebap ýokary hilli aýakgaplary öndürmek mümkinçiligi peýda boldy, olar eýýäm içerki bazarda daşary ýurt görnüşleri bilen üstünlikli bäsleşýär, geljekde bolsa eksporta ugradylar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän — «Röwşen», «Sada dostluk» şereketleriniň erkek adamlar üçin aýakgaplary hem-de «Inçe hyzmat» şereketiniň zenanlar üçin aýakgaplary munuň aýdyň mysalydyr.

Sergi bu ýere gelenleri söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek babatda hem telekeçileriň üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Häzir olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, françaýzing ýörelgesi boýunça söwda işlerini guraýarlar. TSTB-niň agzalarynyň paýtagtymyzda guran «Berkarar», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Aşgabadyň ýalkymy» iri söwda merkezlerindäki marketler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aýry-aýry diwarlyklar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň TSTB-niň agzalaryna ynanan iri taslamalaryna bagyşlandy. Giň gerimli sergide «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti wekilçilik edip, ol hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň hem-de onuň desgalarynyň taslamasyny we gurluşygyny amala aşyrýar.

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurulmagy ýurdumyzyň ýollarynyň geçirijilik ukybyny, logistika hyzmatlarynyň hilini we dessinligini artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goň­şy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny gi­ňeltmäge mümkinçilik berer.

Awtoban Türkmenistanyň çäginden geçýän ýük daşamalaryny çaltlandyrmaga we artdyrmaga mümkinçilik döreder. Şunuň bilen baglylykda, goň­şy Özbegistan bilen ulag gatnaşygy babatda uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen awtobanyň kesişmegi Hazarda Halkara de­ňiz portuna — de­ňiz arkaly halkara, Ýewropa tarapa, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna ýük akymlaryny gösgöni çykarar.

Sergide diwarlyklaryň ýenede biri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky akwaparka bagyşlandy. Onuň gurluşygynyň TSTB-niň agzalaryna ynanylmagy halkara derejeli häzirki zaman de­ňiz şypahanasyny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, bu juwan şypahanany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna bermek kararyna gelindi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, işewürligiň hut çeýeligi we ykjamlylygy, onuň bazar ýagdaýyny inçeden duýmagy, tiz özleşdirijilik, gujur-gaýrat hem-de başlangyç öňe tarap batly gitmek üçin häzir üýtgäp durýan ykdysady ýagdaýlarda zerurdyr. Munuň üçin döwlet tarapyndan ähli zerur bolan çäreler görlüp, milli Liderimiziň goldaw bermegi bilen, şonuň ýaly meýilnamalara we başlangyçlara giň ýol açylýar.

TSTB-niň döredilen ilkinji ýylynda bu birleşme agzalaryň 500-sini birleşdirip, olaryň güýji bilen milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işler ýola goýlup başlandy. Häzir bu birleşme öz hatarlarynda telekeçileriň 22 müň­den gowragyny birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekeçiligi ösdürmäge berýän goldawy netijesinde, senagat önümleriniň möçberi 20,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 21,7 göterim köpeldi. Hususy kärhanalaryň 2018-nji ýylda daşary ýurtlara eksport eden azyk harytlarynyň umumy möçberi, 2017-nji ýyla garanyň­da, 63,8 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň mukdary 57,1 göterim artdy.

Şeýlelikde, TSTB-niň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek bilen, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, oba hojalyk pudaklaryny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Munuň şeýledigini içerki bazary towuk eti, ýumurtga we towuk önümleri bilen üpjün edýän «Guş toplumy», «Hoş zaman», «Nurly meýdan», «Altyn jüýje» hem-de beýlekiler sergide görkezdiler.

Geçen ýyl Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerli «Sähra gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bir ýylda ýumurtganyň 5 million sanyny hem-de towuk etiniň 500 tonnasyny öndürmäge ukyply guşçulyk toplumy guruldy. Onuň işini üpjün etmek üçin telekeçilere 100 gektar ýer uzakmöhletleýin ulanylmaga berildi.

Sergide iri önüm öndürijileriň — «Bereketli», «Altyn hilal», «Ajaýyp ussat halal önümleri» ýaly hususy kärhanalaryň süýt, şöhlat we et önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Işewürlik ýurdumyzda ýokary hilli sygyr etini öndürýän kuwwatly maldarçylyk toplumlaryny döretmek boýunça anyk ädimleri ädýär.

Türkmenistan gazeti