Hil gözegçiligi
“Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygy dünýa standartlaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, bu hem öz gezeginde logistika hyzmatlarynyň, halkara ýükleriň tranzidiniň giňelmeginiň we ulag infrastrukturasynyň bekemeginiň hem-de goňşy ýürtlaryň arasynda söwdanyň gowlanmagyň durnukly ösüşine kömek eder.
Hiliň iň ýokary standartlaryny ornaşdyrmak maksady bilen “Türkmen Awtoban” ÝGPJ-ti ýerine ýetirlýän işleri, ulanylýan materiallary we hyzmatlary ISO, EN we AASHTO standartlaryny esasynda ulanýar. “Türkmen Awtoban” ÝGPJ-ti dört sany esasy hil komponentlerine ymtylýar: hili meýilnamalaşdyrmak, hili gözegçilikde saklamak, hili üpjün etmek, hili kämilleşdirmek.
«VCE Vienna Engineering Consulting ZT» kompaniýasynyň inženerleri bilen bilelikde “Türkmen Awtoban” ÝGPJ-ti
Sistematiki işlerini meýilleşdirýär, bular hem öz gezeginde hil sistemasynyň hemme elementleri gözegine tutýär. 9001 modelinde bu 5 sany komponenti özine alýar:
Quality Management
Quality Assurance
Quality Control
- hiliň tutuşlygyna ulgamy we onuň prosesleri
- hil dolandyryş jogapkärçiligi
- hil serişdeleriň dolandyrylyşy
- hyzmaty ýa-da işleri ‘ýerlemek’ prosesleriniň hil dolandyrylyşy (ýerine ýetirilmegi / taýýarlanylmagy)
- hil ölçegi we kämilleşdirme dolandyrylyşy
Hil dolandyryş funksiýasy hil talaplarynyň berjaý ediljekdigi boýunça ynamyň üpjünçiligine gönükdirilendir. HÜ-gi kesgitlenilen hil maksatlaryna deň gelmezlige baha bermek maksady bilen tutuş hil dolandyryş ulgamynyň talabalaýyklygyna we netijeliligine elmydama baha berilmegini aňladýar.

Hil üpjünçiligi 360 gradus esasynda ýerine ýetirilmeli:

HG-i taslama düzüş şertleriniň, kabul ediş ölçegleriniň, işleýiş netijeliliginiň ölçegleriniň ýa-da funksional ölçegleriniň berjaý edilmegini barlamak üçin taslamanyň düzülşiniň, gurluşygynyň tapgyrlarynyň dowamynda takyk gözegçilik nokatlaryny öz içine alýar.

Taslamanyň HÜ meýilnamasynyň düzüminde adatça näme bar?
Taslamanyň HÜ meýilnamasy esasy elementleriň dört toparyna bölünýär:
- taslama dolandyrylyşy;
- maglumatlaryň döredilmegi we alynmagy;
- baha berilme we gözegçilik;
- maglumatlaryň hakykylygynyň barlagy we ulanylmagy.