Üstünlikli işewürlik - döwletiň rowaçlygynyň girewi

January 11, 2019

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» — 2019-njy ýylyň bu şygary esasy wakalaryň özeni boldy. Ýurdumyzyň durmuşyndaky nobatdaky tapgyr şol wakalardan badalga aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde işewürleriň esasy orny eýeleýändigine oňat düşünip, döwlete dahylsyz ulgamy goldamagyň deňsiz-taýsyz ýeňillikli çäreleriň başyny başlap, onuň kuwwatynyň artmagyny hem-de iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny höweslendirýär.

Ine, ýene-de bir aýdyň mysal: türkmen telekeçileri bahasy ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryna barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurar.

Döwlet Baştutanymyz hökümetiň mejlisinde degişli çözgüdi kabul etdi. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan 2023-nji ýylyň dekabr aýyna çenli döwleti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik taýdan wajyp bolan ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurar. Bu ýol Aşgabady Özbegistan bilen serhediň golaýynda ýerleşýän, ýurdumyzyň okgunly ösýän welaýatlarynyň biriniň merkezi bolan Türkmenabat şäheri bilen baglanyşdyrar. Häzirki güne çenli munuň özi türkmen işewürleriniň iň iri we gymmatly taslamasydyr.

Mundan on ýyl ozal tehnologik babatda şeýle çylşyrymly taslamany abraýly hem-de bu ulgamda uly tejribesi bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlara ynanardylar. Ýöne, täze, bazar şertlerinde işlemegiň kadalaryny çalt özleşdiren türkmen telekeçiligine mynasyp baha bermek gerek. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şeýle, tutanýerli we yhlasly zähmet çekmäge çagyrýar.

Soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzyň kompaniýalaryna giň gerimli taslamalary ynanmak bilen baglanyşykly möhüm ähmiýetli işler amala aşyryldy. Biziň telekeçilerimiz şol döwürde daşary bazara çykmagy hem başardylar.

Geçen döwürde türkmen kompaniýalary Türkmenistanyň sebitlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyndan başlap, paýtagtymyzda iri ýaşaýyş toplumlaryny, tutuş ýurdumyz boýunça düzümleýin desgalary hem-de senagat kärhanalaryny gurmaga çenli uly ýoly geçdiler.

Häzir türkmen gurluşyk kompaniýalary giň gerimli desgalary, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kaşaň myhmanhanalary hem-de sagaldyş merkezlerini, azyk pudagynyň kärhanalaryny gurmaga, oba hojalyk we senagat pudaklarynda täze kuwwatlyklary işe girizmäge gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň işewürleri dünýäniň gözel şäherleriniň biriniň abraýyna eýe bolan ak mermerli Aşgabady gurmakda ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Paýtagtymyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýan ajaýyp binalar, esasan, türkmen hünärmenleri — binagärleri, taslamaçylary, inženerleri, işçileri tarapyndan guruldy.

Indi biziň buýrujylarymyzda çylşyrymly düzüm taslamalary işlenip taýýarlananda, daşary ýurtlardan potratçy gözlemek zerurlygy ýok. Türkmen kompaniýalaryna 2,3 milliard dollary möçberde serişde berip, Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagy ynanmak barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi munuň subutnamasy bolup durýar.

Bu serişde köp ýurtlaryň dünýä möçberinde çökgünligi başdan geçirmegini nazara alanyňda uludyr. Hormatly Prezidentimiz dogry strategiýany gurmak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklamagy başardy. Milli Liderimiz durnukly ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe gitmegini dowam edip, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyryp, meýilleşdirilen ähli durmuş we senagat maksatly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar.

Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagyň taslamasy şolaryň biri bolup durýar. Häzir bu ýol ýurdumyzyň üstaşyr-logistika ulgamyny, ykdysady toplumyny, işewürligini hem-de Türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipeleri bilen şertlendirilendir.

Hökümetiň mejlisinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda” Karara gol çekmek bilen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu wakanyň ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmekde taryhy pursat bolup, ol hünär ösüşiniň we durmuş jogapkärçiliginiň täze derejesine çykýar diýip bellemegi tötänden däldir.

Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Agentligi